Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

16:2016.03.2018
0
6725

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Has takygy mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna:

— Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk serişdeleriniň käbir görnüşlerine gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek maksady bilen görülýän anyk çäreler, şol sanda getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky meseläni degişli düzümler bilen ylalaşmagyň netijeleri;

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä we maslahata taýýarlyk görlüşi;

— nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebit we gaz, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, onuň görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler;

— ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

— ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

— Aşgabat şäherinde alnyp baylýan gurluşyk işleri;

— ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, howa gämileriniň alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

— halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmek hem-de ösdürmek, onuň asylly däplerini dikeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler;

— ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösdürilişi, bu ulgamda maksatnamalaýyn çäreleriň, şol sanda öňdebaryjy halkara işleriniň öwrenilmegi hem-de milli tejribä ornaşdyrylmagy, sporty wagyz etmek boýunça köpçülikleýin işleriň guralmagy bilen baglanyşykly çäreleriň amala aşyrylyşy;

— Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk;

— ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlary geçirmek boýunça guramaçylyk işleri barada hasabatlar berildi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugurda geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýtdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çärelere nägilelik bildirdi. Metbugat serişdelerinde çap edilýän habarlar, makalalar ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini doly beýan edip bilmeýärler. Tele we radio ýaýlymlarda berilýän gepleşikler hili hem-de mazmuny boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini zerur derejä galdyrmagyň wajypdygyny talap edip, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri görkezmek hem-de Türkmenistanyň ýeten derejesini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek maksady bilen netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bu ulgamyň edaralarynyň işini guramaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ýakyn Gündogar sebitiniň möhüm ýurtlary bolan Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparlaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji martda Kuweýt Döwletine amala aşyrylan saparyň netijeleri barada aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda taryhy ähmiýetli sapar bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah bilen geçirilen gepleşikler dostluk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda bolup geçdi.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň