Türkmenistanda TSTB-nyň döredilmeginiň 10 ýyllygy belleniler

16:1816.03.2018
0
7934

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä we maslahata taýýarlyk görlüşi hakynda hasabat berildi.

17-18-nji martda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2610 inedördül metr meýdanda guraljak sergä TSTB-niň agzalarynyň 182-si gatnaşar. Şeýle hem şu ýylyň 17-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda maslahat geçirilip, onda geçen 10 ýylyň içinde TSTB-niň alyp baran işleriniň netijeleri, gazananlary we üstünlikleri bilen tanyşdyrylar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly öňde goýlan wezipeler seljeriler.

Döwlet Baştutany TSTB-niň sergisini we maslahatyny ýokary derejede guramak barada tabşyryklary berip, türkmen telekeçileriniň ykdysady kuwwatynyň bu gün önümçilik serişdeleriň artmagynyň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýokarlanýandygyny belledi. Döwlete dahylsyz pudak milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmakda, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň Diýarymyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini amala aşyrmakda, dünýä bazarynda türkmen önümlerini üstünlikli ilerletmekde täze mümkinçilikleri açýan halkara sergilere we işewürlik maslahatlara gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Milletiň Lideri jemgyýetçiligiň ünsüni telekeçilik ulgamynyň gazananlaryna hem-de onuň mümkinçiliklerine çekmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda talyp ýaşlary — geljekki hünärmenleri bu işe ugrukdyrmagyň möhümdigini nygtady. Ýaş hünärmenler özleriniň bilimi hem-de başarnyklary bilen türkmen işewürliginiň ösmegine ýardam edip bilerler. Şu maksatlar bilen, ýaşlaryň ünsüni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine çekmek hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda pudaklaýyn sergileri döretmek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň