Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrlkiginiň HGI-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy belleniler

16:1616.03.2018
0
3450

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň degişli Permana gol çekmegi bilen, milli diplomatiýa mekdebiniň binýady goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýokary okuw mekdebi dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli hünärmenleriň 410-syny taýýarlady. Olar Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, beýleki pudaklaýyn düzümlerde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy we 2017-nji ýyllardaky Kararlaryna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin Administratiw — tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy. 2015-nji ýyldan bäri halkara žurnalistikasy bölüminde häzirki zaman okuw studiýasy hereket edýär. Ol iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.

Institutyň 10 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda 20-nji martda geçirmek meýilleşdirilýän, Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat we sergi bar. Mundan başga-da, 17 — 20-nji mart aralygynda “tegelek stol” telegepleşigini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, talyplaryň fotosurat bäsleşigini, şeýle hem ýaş zehinleriň gözden geçirilişini guramak göz öňünde tutulýar. Talyplar iňlis dilinde öz ukyplaryny görkezerler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň