Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň çägine getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky karara gol çekdi

16:1116.03.2018
0
6228

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna berlen hasabatda gurluşyk işleri alnyp barlanda ýurdumyzda öndürilýän zerur serişdeleri giňden ulanmak, şeýle hem Watanymyza daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk serişdeleriniň käbir görnüşlerine gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň çägine getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky meseläni degişli düzümler bilen ylalaşmagyň netijeleri barada hasabat berlip, taýýarlanan resminamalaryň taslamasy milletiň Lideriniň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli ýerli harytlar bilen içerki bazary doldurmak boýunça wezipeleriň çözülmegi bilen bilelikde alnyp barylýandygyny belledi. Barha artýan isleg nazara alnyp, önümleriň dürli görnüşlerini çykarýan kärhanalaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Degişli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna ýardam eder, bu bolsa daşary söwdanyň ösüşiniň kesgitleýji ýagdaýydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milletiň Lideri Türkmenistanyň çägine getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky karara gol çekip, degişli ýolbaşça daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk harytlarynyň käbir görnüşlerine gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek hakynda resminamanyň taslamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň