Türkmenistanyň Prezidenti BAE-de «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

15:5416.03.2018
0
5767

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BAE saparynyň dowamynda Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryň hormatyna gurlan “Wahat Al Karama” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi.

Bu ýere gelende milli Liderimizi toplumyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa Bin Tahnun mähirli mübärekledi. Ol belent mertebeli myhmana bu toplum barada gürrüň berdi.

«Wahat Al Karama» (arap dilinden terjime edilende “Mertebe jülgesi” diýmegi aňladýar) bitewi döwlet ugrunda janyny gurban eden esgerleriň hakydasyny ebedileşdiren gaýduwsyzlygyň we milletiň jebisliginiň nyşanydyr. Olaryň atlary biri-birine direlip duran panelleriň 31-sinde beýan edildi. Plitalarda BAE-niň Lideriniň goşgy setirleri hem-de aýdan sözleri ýazylypdyr.

Ýadygärlikler toplumy 4 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Onuň çäginde 1200 adam ýerleşýän amfiteatr hem-de tegelek howuz guruldy. Bu ýerden Şeýh Zaýed adyny göterýän Uly metjidiň umumy görnüşi görünýär.

Hormatly Prezidentimiz hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, dabaraly ýagdaýda ýadygärligiň etegine gül goýup, Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralaýar.

Toplumyň düzümine girýän Harby şöhrat zalynda aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň atlary ýazylan alýumin jetwel goýupdyr. Aňyrsy görünýän 7 sany panelden ybarat kompozisiýa ýerleşýär, olar Birleşen Arap Emirlikleriniň sanyny alamatlandyrýar. Her paneliň iki tarapynda hem BAE-niň harby kasamynyň ýazgysy bar. Panelleriň daşky tarapynda suw akýar. Onuň üznüksiz akmagy döwrüň müdimi aýlanyşyny alamatlandyrýar. Şunda hiç kim we hiç zat unudylmaýar. Zala girilýän ýerde we onuň içki diwarynyň ýokarsynda keramatly Gurhandan aýatlar ýazylypdyr. Binanyň üçegi 8 sany plitadan ybarat, plitalaryň 7-si Birleşen Arap Emirliklerini, 8-njisi bolsa, milli gahrymanlary alamatlandyrýar.

Ýadygärlikler toplumyna baryp görmeginiň hormatyna milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň