Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy

04:1816.03.2018
0
7574

15-nji martda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy.

Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen hatyny okady. Milli Liderimiziň hatynda ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň sebitiň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlygy maksat edinýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ynanyşmak gatnaşyklarynyň öňe ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň