Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekdiler

18:1115.03.2018
0
10339

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnama; Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnama; Diplomatik, gulluk, ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; 1998-nji ýylyň 9-njy iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüşi üçin merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubàdala Petroleum” kompaniýasynyň arasynda Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubàdala Petroleum” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň