Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary derejedäki Türkmenistan — BAE gepleşikleri geçirildi

17:4615.03.2018
0
6112

15-nji martda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, özüniň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini ruhubelentlik bilen kabul edýärler hem-de doganlyk türkmen halkynyň haýran galdyryjy üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar.

Şeýle hem BAE-niň Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna hem-de milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe boldy.

Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandyny aýratyn belläp, belent mertebeli myhmana giň möçberli asylly işinde täze uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli garşylandygy we myhmansöýerligi üçin Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň şu ýokary derejedäki duşuşyga däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda hil taýdan has ýokary derejä göterilýän täze tapgyryň başlanýandygyny ynam bilen aýtmak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar. Bu gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşe gönükdirilen tagallalarymyzy has işjeňleşdirmek üçin şertler ýeterlikdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de giňelmegi we pugtalanmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklar durnukly ösýär. Muňa hökümet wekiliýetlerimiziň özara saparlary we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň geçirýän geňeşmeleri hem şaýatlyk edýär.

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň möhüm orny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, haryt dolanyşygyny ösdürmek we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki döwletiň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň özara bähbitli boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri dünýäde ýerasty baýlyklara iň baý ýurtlar bolup durýarlar. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýeterlik şert döredýär. Nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we halkara bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýaňy-ýakynda nobatdaky tapgyryna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge BAE-niň iri gurluşyk kompaniýalaryny hem-de maýa goýum we maliýe düzümlerini hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy we munuň bolsa, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has hem pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna uly gyzyklanma bildirýändigi bellärliklidir. Bu taslama energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmekde, derwaýys ykdysady we durmuş wezipelerini çözmekde saldamly goşant, taslama gatnaşýan hem-de tutuş sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň hakyky köprüsi bolmalydyr.

Bu transmilli gaz geçirijisiniň örän zerurdygy we uly ähmiýeti golaýda ýene-de tassyklanyldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Owganystanda halkara tagallalary goldamak barada kabul edilen Rezolýusiýada öz beýanyny tapdy. Onda milli Liderimiziň başyny başlan beýleki düzümleýin taslamalaryň goldanylýandygy nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň we BAE-niň gurluşyk hem-de himiýa senagaty pudaklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Munuň özi bu ugurda hem hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Biz, esasan hem, gurluşyk materiallaryny we himiýa senagatyna degişli önümleri öndürmekde hyzmatdaşlygy teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iki ýurduň gatnaşyklarynda ulag ulgamynyň uly geljegi bar. Halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleri ýurtlarymyz üçin strategik taýdan möhümdir. Şoňa görä-de, biz köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýeri gelende aýtsak, häzirk wagtda ýurdumyz kemala gelýän iri logistiki we üstaşyr merkez, serhet üsti söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde daşary ýurtly maýadarlary çekýär. Munuň özi maýalary çekmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki köp asyrlaryň dowamynda türkmen topragyndan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Häzirki wagtda bu meşhur ýol täze görnüşde gaýtadan dikeldilip, sebit we dünýä möçberinde, şol sanda Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda baglanyşdyryjy merkez hökmünde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny we oňyn goşulyşmak çärelerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlary ýurdumyz bilen maýa goýum ulgamynda, hususan-da, awtomobil we demir ýollary gurmak babatda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, BAE-niň işewürler düzümleri beýleki ulgamlaryň birnäçesi, ýangyç-energetika, elektroenergetika toplumlary boýunça, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu meseleleriň soňky ýyllarda dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşylandygy tötänden däldir.

Emirlikleriň hem-de tutuş arap dünýäsiniň işewür toparlarynyň ýurdumyza bildirýän uly gyzyklanmasy hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly we okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir. Munuň özi dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň (HPG) beren bahasynda öz beýanyny tapýar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda däp bolan gatnaşyklaryň wajypdygyny aýdyp, iki döwletiň hem-de halkyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Baý taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed Bin Sultan Al-Nahaýýanyň doglan gününe 100 ýyl dolýandygyny belläp, BAE-niň milli Lideriniň Garaşsyz Federatiw döwletiň berkarar bolmagynda we ösmeginde, onuň häzirki gazananlarynda ägirt uly ornunyň bardygyny nygtady. Şeýh Zaýed Bin Sultan Al Nahaýýan özüni parasatly hökümdar hem-de öňdengörüjilikli döwlet işgäri hökmünde görkezip, sarpasy belent tutulyp, diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da, şol sanda Türkmenistanda uly hormat-sarpa eýe boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we BAE-niň ilkinji Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etmäge Türkmenistanyň hemişe taýýardygyny belläp, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň doganlyk halkyna bolsa, gülläp ösüş, bagtyýar we asuda durmuş arzuw etdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň