Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

17:2515.03.2018
0
4526

Giňişleýin düzümde duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Kiçi maslahatlar zalyna bardylar, şol ýerde olaryň ikiçäk görnüşdäki gepleşikleri geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasydyr. 1995-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri Türkmenistan we BAE gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça kämilleşdirýärler hem-de pugtalandyrýarlar.

Türkmen-emirlikler syýasy gatnaşyklaryň halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşýändigi guwandyrýar. Esasan hem, bu guramanyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarymyzy we tekliplerimizi Birleşen Arap Emirlikleri ilkinjileriň biri bolup goldaýar.

Öz nobatynda, Türkmenistany Birleşen Arap Emirlikleri söwda-ykdysady, syýahatçylyk we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýokary görkezijileri gazanan ýurt hökmünde gyzyklandyrýar.

Iki ýurt ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ugurlaryň ählisi boýunça iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleri bar.

Türkmenistanyň hem-de BAE-niň halklaryny umumy taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, adatlary, medeni-ynsanperwer, ruhy we ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar. Bularyň ählisi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edilýär.

Taraplar halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, iki ýurduň sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, aýratyn hem tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ösüşi üpjün etmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýändigi üçin, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna minnetdarlyk bildirip, Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de bu saparyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Taraplar geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň