Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentimi resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi

16:2115.03.2018
0
6569

14-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi.

Abu-Dabi şäheriniň “Emirates Palace” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek, şeýle hem birnäçe halkara we sebitara meseleleri boýunça düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Söwda-ykdysady pudakda uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Olaryň amala aşyrylmagy milli, sebitleýin we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalaryny, maliýe we maýa goýum düzümlerini bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Iki ýurduň eksport we import mümkinçilikleri özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin oňyn şertleri emele getirýär. Bu babatda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň, ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym we bilim, sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar we giňeldilýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň çäklerinde Dubaý şäherinde geçirilen duşuşyklary aýratyn mähir bilen ýatladylar. Olar hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçirilipdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

Ikiçäk geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giň ugry boýunça pikir alyşmalar boldy we dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan çemeleşmeler kesgitlendi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň