Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «Futbolçylara çäksiz yhlasy üçin hoşallyk bildirýärin»

06:3015.03.2018
0
4126

Türkmenistanyň «Altyn  asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi «Istiklol» bilen geçirilen we 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykdan soňra, žurnalistrleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:

— Garşydaşymyza hormat goýýarys, ýöne bir bu gün iki utugy ýitirdik — diýip, baş tälimçiniň aýdanlary «Istiklolyň» resmi saýtynda getirilýär. — Duşuşykda hasaby açmaga birnäçe gezek mümkinçiligimiz boldy, ýöne şowlulyk biziň tarapymyzda däldi. Tersine, garşydaşlarymyz özlerine dörän mümkinçiliklerden ýerlikli ýeýdalanyp bildiler. Bu futbol — kim gol geçirse, şol ýeňýär. Ýöne men futbolçylaryma çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykandyklary üçin hoşallyk bildirýärin. Öňümizde entek oýun kän. Türgenleşigimizi güýçlendirip, toparçadan çykmaga çalşarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň