Soňky habarlar

Arhiw

Muhsin Muhammadiýew: «Istiklol» üçin «Altyn asyr» bilen bolan duşuşyk sapak bolar»

06:0615.03.2018
0
4261

Täjigistanyň «Istiklol» futbol toparynyň baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew «Altyn asyr» bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:

— Tomaşaçylar üçin bu duşuşyk örän gyzykly, golly pursatlara we gollara baý bolan hem bolsa, tälimçiler üçin beýle däl. Çünki duşuşykda iki topar hem uly ýalňyşlyklary goýberdi — diýip, baş tälimçiniň aýdan sözleri «Istiklolyň» resmi saýtynda getirilýär. — Başdan-aýaga başa-baş göreş gitdi. Soňky dört minutda-da netijeli oýnumyzy dowam etdirip bilerdik. Ýöne, görşüňiz ýaly, ýene-de geçen ýylky ssenariýa gaýtalandy, toparçadan kimiň çykjakdygy soňky duşuşyklara çenli belli bolmasa gerek.

Geçen ýyldan bäri iki toparyň düzüminde hem üýtgeşmeler boldy. Meniň pikirimçe, indiki duşuşykda biz biri-birimize has belent bolarys. Iki gol tapawudy bilen ýeňlip gelýändiklerine garamazdan, göreşi elden bermän, maksada ýetendigi üçin «Altyn asyry» gutlaýaryn. Bu duşuşyk biziň üçin uly sapak bolar. 2:0 hasabyndaky üstünlikden soň tejribeli topara ünsi gowşadyp, mümkinçiligi elden gidirmek bolmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň