Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy

22:2914.03.2018
0
6729

14-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merkeziniň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabah we beýleki ýolbaşçylar garşyladylar.

Bu ýerde milli Liderimize merkeziň döredilmeginiň 30 ýyllygyna, şeýle hem arap atlarynyň taryhyna bagyşlanan kitap sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz saýlama arap atlarynyň çykarylyşyna syn etmek üçin niýetlenen meýdança bardy. Döwlet Baştutanymyz açyk manežde IV — V asyrlarda belli bolan ajaýyp arap atlarynyň gözelligine syn etdi.

Bu ýerde bolan söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz bu ýeriň enjamlaşdyrylyşy, bedewleri saklamak üçin döredilen şertler, ýaryşlary geçirmegiň dürli guramaçylyk ugurlary bilen gyzyklandy.

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ýanyna toplumda şu gün doglan taýçanak getirildi we milli Liderimizden oňa at dakmak haýyş edildi.

Atlar adamlaryň wepaly kömekçileri hasaplanýar. Olara örän gelşikli we sazlaşykly atlar dakylýar, bu at olaryň bütin ömrüne hemra bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bedewlere adyň daşky aýratynlygyna, göze ilip duran nyşanyna ýa-da häsiýetine görä dakylýandygyny belledi. “Dostjan” ady bu bedewiň dostanalyk sypatlaryny aňladar we biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabaha özüniň behişdi bedewlere, taryhda şöhrat eýesi bolan ahalteke atlaryna bagyşlanan kitaplaryny sowgat berdi. Onda bu ugra degişli köpýyllyk gözlegler, pikirler hem-de taryhy we edebi maglumatlar jemlendi.

Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýan “Dar al-Athar al-islamyýah” muzeýine tarap ugrady.

Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yslam sungaty dünýäsinde ägirt uly gymmatlyklary bolan hem-de arheologik tapyndylary we etnografiýa maglumatlary bilen şöhrat gazanan muzeýiň dörediliş taryhy bilen tanyşdyryldy.

Medeniýet merkezi bilen tanyşlyk ikinji gatda ýerleşýän zaldan başlanýar. Tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz muzeýiň gymmatlyklary bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda milletiň medeni we ruhy mirasyny saklamak, türkmen halkynyň taryhynyň esasy bölegi hasaplanýan gadymy däpleri geljek nesillere ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Muzeýiň zallarynda Kuweýtiň baý taryhy hakynda gürrüň berýän özboluşly arheologik tapyndylar görkezilýär. Bu ýerde dürli milletleriň: şumerleriň, wawilionlylaryň, parslaryň, grekleriň şäherleri bolupdyr. Bu künjekden gadymy söwda ýollary geçipdir we özboluşly medeniýetler ösüpdir. Onuň çäginde biziň eýýamymyzdan ozalky bäş müňünji ýyllara degişli medeni gatlaklar tapyldy. Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar kuweýt halkynyň däp-dessurlary, şekillendiriş we senetkärçilik sungaty barada gürrüň berýär.

Mundan başga-da, bu ýerde gadymy taryhy eýýama, Ýakyn Gündogaryň şumer-wawilion, irki yslam döwrüne degişli dünýäniň dürli ýurtlarynyň gymmat bahaly serişdeleri, ahamenidleriň, Aleksandr Makedonskiniň, grek-baktiriýa şalarynyň, Sasanidler dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwürleriniň sungat eserleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, hususan-da, Gadymy Marguşyň we biziň halkymyzyň örän gadymy taryhynyň bolandygyny alamatlandyrýan hem-de dünýä medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan Parfiýa şalygynyň taryhyna degişli gymmatlyklar görkezildi.

Soňra milli Liderimiz Milli golýazmalar institutynyň gaznasyndan bar bolan birnäçe kitaplaryň surat nusgalaryny muzeýe sowgat berdi. Orta asyr awtorlarynyň gymmatly eserleriniň her biri birwagtlar häzirki zaman arap ýurtlarynyň çäklerinde bolan türkmenleriň we türkmen döwletleriniň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň özara gatnaşyklary hakynda gürrüň berýär.

Muzeý bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

“Dar al-Athar al-islamyýah” muzeýiniň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna tarap ugur aldy.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda bolan resmi saparynda gazanylan anyk ylalaşyklar we şertnamalar türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny onuň ugry we ähmiýeti boýunça hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň