"Altyn asyr" bir utugy soňky minutlarda gazandy

18:3014.03.2018
0
12495

          Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary şu gün AFK-nyň kubogynyň “D” toparçasynyň ikinji tapgyrynda Täjigistanyň “Istiklol” toparyny kabul etdi. Geçen ýyl edil şu stadionda bolşy ýaly, bu gezekki duşuşygyň netijesi hem toparlaryň her haýsyna 1 utuk berdi.

          25-nji minutda “Istikloldan” Fathullo Fahulloýew, 34-nji minutda “Altyn asyryň” çep gyraky goragçysy Annasähet Annasähedow sary duýduryş kartyny gördi diýmeseň, birinji ýarymda hasaby açmak garşydaşlaryň ikisine-de başartmady.Birinji ýarymy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda derwezelere 4 pökgi geçirildi. AFK-nyň kubogynda soňky üç ýylda iki gezek finala çykan “Istiklol” halkara tejribesiniň artykmaçlygyny bu duşuşykda hem subut etdi. Muhsin Muhammadiýewiň şägirtleri 50-nji minutda “Altyn asyryň” derwezesinden gol geçirip, hasaby açdylar. Goly Nikolaň Zenko öz adyna ýazdyrdy. Ilkinji goldan 4 minut soňra Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ilkinji oýunçy çalşygyny amala aşyrdy. Mekan Aşyrowyň ornuna Mihail Titow oýna girdi.

Duşuşygyň 58-nji minudy çemesinde goragçy Şöhrat Söýünow jerime meýdançasynda myhman toparyň bir futbolçysyny ýykdy. 59-njy minutda berlen 11 metrlik jerime urgusyny Aktam Nazarow dürs ýerine ýetirip, hasaby myhman toparyň peýdasyna 2:0-a çykardy.

Şondan soň Ýazguly Hojageldiýew birbada iki futbolçyny çalyşdy: Selim Nurmyradowyň ornuna Begmyrat Baýow, Şöhrat Söýünowyň ornuna-da Zafar Babajanow oýna girdi. Tälimçiniň bu oýunçy çalşygy oýnuň ykbalyna hem täsirini ýetirdi diýip bileris. 90-njy minutda Myrat Ýagşyýew myhman toparyň derwezesine bir jogap pökgüsini geçirdi. Bu goldan tapawutlanan “aragatnaşykçylaryň” ikinji goly hem gijikmedi. Esasy wagta goşulan 4 minudyň 3-nji minudynda AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan ildeşimiz Altymyrat Annadurdyýew ýene bir gezek sahna çykyp, hasaby deňledi. Şondan soň Resul Hojaýewde hem tapawutlanmaga mümkinçilik döredi. Ňöne onuň derwezä gönükdiren pökgüsi sowa geçdi. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

AFK-nyň kubogy ­— 2018

“D” toparça

“Altyn asyr” — “Istiklol” — 2:2.

Gollar:

0:1, Nikolaý Zenko 50’

0:2, Aktam Nazarow 59 (11 m.j.u)

1:2, Myrat Ýagşyýew 90’

2:2, Altymyrat Annadurdyýew 90+3’.

Başlangyç düzümler:

“Altyn asyr”: derwezewan – Mämmet Orazmuhammedow 1, goragçylar – Serdar Annaorazow 12, Mekan Saparow 4, Şöhrat Söýünow 3 (62’ Zafar Babajanow), Annasähet Annasähedow 33, ýarym goragçylar – Myrat Ýagşyýew 11, Umidjan astanow 14, Resul Hojaýew 21, Mekan Aşyrow 22 (54’ Mihail Titow), hüjümçiler – Altymyrat Annadurdyýew 7, Selim Nurmyradow 10 (62’ Begmyrat Baýow).

“Istiklol”: derwezewan – N.Stoşiç 1, goragçylar – A.Nazarow 19, S.Asrorow 2, A.Baranowskiý 5, R.Jalilow 21, ýarym goragçylar – F.Fathulloýew 18, S.Tihonowskiý 7, D.Ergaşew 6, H.Muhammadjoni 11, hüjümçiler – N.Babajanow 13, N.Zenko 9.

Bellik: toparlaryň ikisi hem 4-4-2 ulgamynda oýnadylar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň