Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: 2-nji tapgyrdan soň hasaplamalar

14:1814.03.2018
0
1626

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Hemmesi täzeje: Tapgyrda 8 futbolçy tapawutlandy. Olaryň ählisi hem täze möwsümdäki ilkinji goluny geçirdiler. Iki tapgyrda 10 golçy: Yzda galan 2 tapgyrda tapawutlanan futbolçylaryň sany 10-a deňlendi.

Ýeňiş üçin 2 gol ýeterlik: Tapgyrda ýeňiji bolan toparlaryň ählisi hem ýeňlen toparyň derwezesinden 2 gol geçirdi.

Tötänlikmi: Tapgyrda Mary welaýatyna wekilçilik edýän iki topar Balkan welaýatynyň toparlaryny kabul etdi. Duşuşyklaryň ikisi hem Mary welaýatynyň toparlarynyň ýeňşi bilen tamamlandy («Energetik» — «Balkan», «Merw» — «Şagadam» duşuşyklary göz öňünde tutulýar).

„Energetik“ – „Balkan“ – 2:1.

Gollar:

1:0, Parahat Jumanazarow 33'

2:0, Muhammet Astanow 64'

2:1, Azat Garajaýew 90+3'.

Ikisi-de ilkinji gol: Şu tapgyrda «Energetigiň» gollaryny geçiren futbolçylaryň ikisi hem bu toparda Ýokary ligada birinji gezek tapawutlanyp görýär.

Şowsuz, ýöne 740-njy duralga: Netijesi «Energetigiň» haýryna bolsa-da, bu duşuşyk «Balkanyň» Ýokary ligadaky 740-njy duşuşygydyr.

„Köpetdag“ — «Aşgabat» — 1:2.

Gollar: 0:1, Nazar Baýramow 26'

1:1, Berdi Hotdyýew 32' 1:2,

Pirmyrat Gazakow 57'

Iki oýun, 6 utuk: Yzda galan iki tapgyrdan soň «Aşgabat» iki duşuşykda-da utuk ýitirmedik ýeke-täk topardyr.

Bir toparda 20-nji gol: Pirmyrat Gazakow 2013-nji ýyldan bäri «Aşgabadyň» düzüminde Ýokary ligadaky 20-nji goluny geçirdi.

Hotdyýew «Köpetdagy» «ele aldy»: Jemi 11 gol bilen Berdi Hotdyýew täze «Köpetdagyň» Ýokary ligadaky bombardirlik sanawynda birinji orna geçdi. Ikinji orunda 10 gol bilen Öwezbaý Muhammetmyradow bar.

1992-den bäri 150-nji: Biz täze hasaplamalarymyzda rowaýaty «Köpetdag» topary bilen Içeri işler ministrliginiň garamagynda täzeden açylan «Köpetdagyň» hasabatlaryny birikdirdik. Şeýlelikde, 1992-nji ýyldan bäri alanyňda, «Köpetdag» 150-nji gezek ýeňildi.

«Merw» — «Şagadam» — 2:0.

Gollar:

1:0, Söhbet Allanurow 59'

2:0, Ilýa Tamurkin 90+3'.

Öňki topardan öňki topara: Birnäçe ýyllap «Merwde» çykyş edenden soňra geçen möwsüm «Şagadama» geçip, bu möwsümde ýene yzyna dolanan Söhbet Allanurow ozalky topardaşlarynyň derwezesinden ilkinji goly geçiren futbolçy boldy.

Tamurkin 2 10-lygy doldurdy: Ilýa Tamurkin «Merwiň» düzüminde Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri 20-nji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň