AFK-nyň kubogy — 2018: «Ahal» — «Alaý» duşuşygy gysga makalalarda

12:0714.03.2018
0
1889

AFK-nyň kubogy — 2018: «Ahal» — «Alaý» duşuşygy gysga makalalarda

«Altyn asyr» — «Istiklol» — 70-nji duşuşyk

Düýn AFK-nyň kubogynyň «D» toparçasynyň ikinji tapgyrynda Aşgabatda geçirilen «Ahal» — «Alaý» duşuşygy bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden toparlaryň 69-njy duşuşygy boldy. Diýmek, şu gün Balkanabat şňherindäki «Sport toplumynda» geçiriljek «Altyn asyr» — «Istiklol» topary biziň toparlarymyzyň yklymyň ikinji derejeli futbol ýaryşyndaky 70-nji — ýubileý duşuşygy bolar. Şu hasaplamada ýaryşyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryň hem bardygyny ýatladýarys.

20-nji ýeňiş «Ahalyňky»

«Ahalyň» düýn 5:0 hasabynda gazanan ýeňşi türkmenistanly futbol toparlaryň AFK-nyň kubogyndaky 20-nji ýeňşi boldy. Şeýle-de, ýurdumyza wekilçilik eden toparlar bu ýaryşda 34 gezek ýeňildiler, 15 duşuşyk bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Biziň bu hasaplamalarymyza indiki — 3-nji tapgyrda täsin bir üýtgeşme girip biler. Çünki indiki ttapgyrdan başlap, Türkmenistanyň toparlarynyň ýeişleriniň, ýeilişleriniň we deýme-deňlikleriň sany umumy oýnalan oýnuň sanyndan kän bolar. Çünki öňämizdäki iki tapgyrda ýurdumyza wekilçilik edýän toparlar biri-biri bilen duşuşar. Şeýlelikde, biz hasabatlarymyzda ýeňen topary hem, utulan topary hem görkezmeli bolarys.

«Altyn asyrly» futbolçylar 90-njy goly geçirip biler

Şu günki «Altyn asyr» — «Istiklol» duşuşygynda (Balkanabat şäheri, 16:30) «aragatnaşykçylaryň» myhman toparyň derwezesinden geçirjek ilkinji goly biziň toparlarymyzyň bu ýaryşdaky 90-njy goly bolar. Häzire çenli garşydaş derwezelere 89 pökgi geçirip bilen türkmen futbolçylary öz derwezesinde 113 gol gördüler. Ýöne toparlarymyzyň yklym ýaryşyndaky üstünlikli çykyşlary bu hasabatlarda ýakyn geljekde biziň  futbolçylarymyzyň geçiren golunyň öňe geçjekdigini häzirden buşlaýar. Goý, şeýle-de bolsun! Taryhda ilkinji gezek haýsydyr bir toparymyzyň AFK-nyň kubogynda toparçadan çykanyny görmek nesip etsin!

Gyrgyzystan — ýakyn dostumyz we AFK-daky esasy bäsdeşimiz

Düýn türkmen futbolçylary AFK-nyň kubogynda Gyrgyzystana wekilçilik eden toparlar bilen jemi 11-nji gezek duşuşdylar. Bu bolsa gyrgyz futbolçylarynyň türkmen futbolçylary bilen duşuşan halklaryň arasynda birinji orna geçýändigini görkezýär. Dogrusy, gyrgyz futbolçylary birinji orny häzirlikçe Liwanyň futbolçylary bilen paýlaşýarlar. Çünki biz bu ýaryşda Liwana wekilçilik eden toparlar bilen hem 11 duşuşyk geçiripdik («Al Nejmeh» — 6, «Olimpik Beýrut» — 2, «Al-Ansar — 2, «Al-Ahed» — 1 gezek).

Gyrgyz futbolçylary bilen geçiren 11 duşuşygymyzyň bolsa 7-si «Dordoýa», 4-si «Alaýa» degişlidir. 6-njy tapgyrda «Ahalyň» myhmançylykda «Alaý» bilen geçirjek duşuşygyndan soň, umumy hasap 12-ň çykar we Gyrgyzystanyň toparlary bu sanawda birinji orunda ymykly ýerleşer.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryşda türkmen toparlary bilen iň kän duşuşan garşydaş hem Gyrgyzystanyň «Dordoý» futbol toparydyr. «Dordoý» bilen häzirki wagta çenli 7 duşuşyk geçirildi.

Muhadow bombardirleriň üçlüginde

2012-nji ýyldan bäri alanymyzda, Türkmenistanyň Ýokary ligasynda iň kän gol geçiren hüjümçi Süleýman Muhadow AFK-nyň kubigynda hem iň kän tapawutlanan türkmen futbolçylarynyň öýdäki üçlügine girdi. «Ahal» — «Alaý» oýnundaky dublundan soňra bu ýaryşdaky gollarynyň sanyny 6-a çykaran hüjümçi bu gollary «Altyn asyryň» hem-de «Ahalyň» düzüminde geçirdi.

Aslynda, sanawda Süleýman Muhadowdan ýokarda 3 futbolçy bar. Ýöne «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew bilen bu ýaryşa «Ahalyň» hem-de HTTu-nyň düzüminde oýnaýan ýyllarynda gatnaşan Mämmedaly Karadanowyň geçiren gollarynyň sany deň. Olaryň ikisi hem AFK-nyň ikinji derejeli ýaryşynda 7 gezek tapawutlandylar. Birinji orny bolsa bu ýaryşda ilkinji bolup 10 golluk sepgide ýeten futbolçymyz Altymyrat Annadurdyýew eýeleýär. Baryp, 2015-nji ýylda «Ahalyň» şu ýaryşdaky ilkinji goluny geçiren futbolçy 10 golluk sepgide «Ahalyň» hem-de

«Altyn asyryň» düzüminde oýnan ýyllarynda ýetdi.

Guwanç Abylow bilen Nurýagdy Muhammedow bolsa düýnki duşuşykda AFK-nyň kubogynda ilkinji gezek tapawutlanyp gördüler.

Bir ýaryşda 31 golçy

Düýnki «Ahal» — «Alaý» duşuşygyndan soňra AFK-nyň kubogynda tapawutlanan türkmenistanly futbolçylaryň sany 30-dan geçdi. 31 futbolçynyň biri — Artur Geworkýan Özbegistanyň «Nasaf» toparynda ýaryşa gatnaşan bolsa, Amir Gurbany hem «Altyn asyr», hem-de Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparynda yklym ýaryşynda çykyş etdi. Galan 29 futbolçy ýaryşa arassa ýerli toparlarda gatnaşdylar.

Sanawda ady geçýän 31 futbolçynyň biri 10, ikisi 7, biri 6, biri 5, ikisi 4, dördüsi 3, dördüsi 4, on bäş sanysy bolsa bir gol geçirdi. Futbolçylaryň bäşisi iki toparyň düzüminde tapawutlanan bolsa, galan 26 futbolçy gollaryny şol bir toparda oýnaýarka geçirdiler.
Dogrusy, 31 — biziň hasaplamalarymyz boýunça çykan san. Çünki bize häzirki wagta çenli 2005-nji ýylda «Nebitçi» (häzirki «Balkan») bilen Iordaniýanyň «Al-Faisaly» toparynyň arasynda geçen we 3:3 hasabyndaky deýlik bilen tamamlanan duşuşykda tapawutlanan türkmen futbolçylarynyň adyny kesgitlemek başardanok.
Gol ýaryşynda ýene-de «Ahal» öňde.

«Alaý» bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykdan soňra AFK-nyň kubogyndaky gollarynyň sanyny 25-e çykaran «Ahal» ýene-de yklym ýaryşynda iň kän gol geçiren türkmen topary boldy. Geçen tapgyrda edil şu topary Gyrgyzystanda 6:3 hasaby bilen ýeňen «Altyn asyryň» 23 goly bar. Bu gün «aragatnaşykçylar» ýene-de öňe saýlanyp biler, ýöne soňky üç ýylyň iki gezek finalçysy bolan garşydaşyň öz derwezesine 3 gol geçirtjekdigine-de ynanmak kyn.

AFK-nyň kubogynda iň kän gol geçiren toparlarymyzyň sanawynda üçünji orny ozalky HTTU topary eýeleýär. Talyplar toparynyň futbolçylary bu ýaryşda 18 gezek tapawutlanypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň