Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" gök, "Istiklol" ak köýnekçede çykyş eder

17:3113.03.2018
0
5402

Şu gün Balkanabat şäherindäki sport toplumynda geçirilen maslahatda ertirki "Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa toparlaryň wekilleri, TFF-niň, AFK-nyň resmi adamlary we eminler gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda duşuşygyň komissary we inspektory toparlaryň geýjek köýnekçeleriniň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Duşuşykda myhman toparyň derwezewany çal, beýleki futbolçylary ak köýnekçede çykyş eder. "Aragatnaşykçylarda" bolsa derwezeçi gara, galan futbolçylar gök köýnekçe geýer.
Duşuşygyň komissary, siriýaly hünärmen Muhammad Said Al-Nasri ähli gulluklaryň duşuşygyň öňüsyrasynda, dowamynda we soňunda birkemsiz işlemegini, inspektor, iordaniýaly hünärmen Awni Abdel Karim toparlardan meýdanda garşydaşy sylamagy haýyş etdi. 
Duşuşyk ertir şu stadionda 16:30-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň