Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary başlanýar

05:3913.03.2018
0
13300

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belledi. Şol gepleşikler Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

El-Kuweýtde we Abu-Dabide geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde taraplar deňlik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy göz öňünde tutýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň