Soňky habarlar

Arhiw

“Ahal” – “Alaý”: toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy

17:4012.03.2018
0
1015

12-nji martda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde duşuşýan toparlaryň – “Ahal” bilen “Alaýyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Ahal” topary ýer eýesi hökmünde adaty ak, “Alaý” topary bolsa sary-gara köýnekçede çykyş eder.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde “Ahal” bilen “Alaýyň” arasyndaky duşuşygyň 13-nji martda paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk 15:00-da başlanar.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň