Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: “Biziň öňümizde goýlan esasy wezipe – her oýna ynam bilen çykyp, netije gazanmaly”

17:3412.03.2018
0
7394

Şu gün, 12-nji martda “Ahal” bilen “Alaýyň” arasyndaky oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

Röwşen Meredow, “Ahal” toparynyň baş tälimçisi:

- Birinji oýun hakynda aýdanymyzda netijedenem oýny gurnaýşymyzdanam närazy galdyk – diýip, “Ahalyň” baş tälimçisi Röwşen Meredow aýratyn belläp geçdi. Mundan hem gowy oýnamaga mümkinçiligimiz boldy. Duşuşykda topa erk etmek hem biziň tarapymyzda boldy, ýöne ol hiç zady aňlatmaýar. Netijede biz ýeňlişe sezewar bolduk.

- Toparymyza täze goşulan Merdan Gurbanow hakynda aýdanymda, onda biz ony ýaňy tanamaly däl. Ol biziň düzümimizde geçen möwsüm hem çykyş etdi. Birinji duşuşykda ony meýdança goýberip hiç-hili açyş etmedik. Biz onuň mümkinçiliklerini bilýäris, ol toparymyzyň hemme oýunçysyny diýen ýaly tanaýar, şol sebäpli-de ony düzümimize goşanymyzdan soň birinji tapgyryň duşuşygynda “Istiklolyň” garşysyna meýdana goýbermek baradaky karara geldik.

- Toparymyzda şikes alan oýunçylar hakynda gürrüň etmeli bolsa, onda derwezeçimiz Batyr Babaýewi agzaman bolmaz. Bilşiňiz ýaly, esasy derwezeçimiz “Hujand” bilen bolan duşuşykda agyr şikes aldy. Ýöne biziň ikinji derwezeçimiz Öwezmyrat Öwezmyradow özüne ýüklenen wezipäni abraý bilen alyp çykmagy başardy. Umuman alnanda, häzirki wagtda biziň düzümimizde islendik oýunçynyň islendigini degerli çalyşmaga mümkinçiligi bar.

- Öňümizdäki oýun hakynda aýdanymda, onda biz oňa örän ykjam taýýarlandyk. Garşydaşymyzyň toparçadaky birinji oýunda görkezen netijesi hiç zady aňladanok. Olar paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyndan birjikde pes çykyş etmediler. Siz bu oýna tomaşa eden bolsaňyz, onda hasabyň oýna görä bolmandygyny görersiňiz. Umuman, toparçalaýyn bäsleşikde peslär ýaly topar ýok. Biziň öňümizde goýlan wezipe her oýna ynam bilen çykyp, netije gazanmakdan ybarat. Biz hem ýeňildik, olaram birinji duşuşygynda ýeňildiler. Goýberilen ikinji säwlik ýeňlen tarapyň toparçadan çykmak meselesini ep-esli derejede peseldýär. Şol sebäpli-de, toparlaryň ikisi-de, ýokary netijeli futboly öňe sürmäge synanyşarlar.

- Futbolçylar öňümizdäki oýna örän gowy taýýarlandylar. Biz öz garşydaşymyza sarpa goýýarys. Göwnüýetmezçilik bilen meýdana çykmaly däl – diýip toparyň ýarymgoragçysy Merdan Gurbanow öz gezeginde belläp geçdi.

***

Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Alaý” toparynyň baş tälimçisi Nymat Goşokow öz gezeginde bu duşuşykda hüjüm futboluny öňe sürjekdiklerini aýdyp, geçen gezekki ýeňlişlerinden netije çykarandyklaryny belläp geçdi.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň çäginde duşuşýan “Ahal” bilen gyrgyzlaryň “Alaý” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 13-nji martda “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 15:00-da başlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň