TÝL — 2018: 2-nji tapgyr "Aşgabadyň" liderligi bilen tamamlandy

00:1411.03.2018
0
4550

10-njy martda Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 2-nji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi. Olarda "Köpetdag" "Aşgabady", "Merw" bolsa "Şagadamy" kabul etdi. Duşuşyklar "Aşgabat" bilen "Merwiň" ýeňşi bilen tamamlandy.

TFF-niň kubogyna mynasyp bolup, Ýokary liganyň täze möwsümine ruhubelentlik bilen başlan hem bolsa, çempionatdaky ilkinji duşuşykdaky utulyş "Köpetdagy" alada goýdy. Tersine, "Aşgabat" bu ýeňiş bilen täze möwsümiň ilkinji iki tapgyrynda hem ýeňiş gazanmagy başaran ýeke-täk topar boldy. Hatda, duşuşykda ilki bilen myhmanlar tapawutlandylar. 26-njy minutda Nazar Baýramowyň geçiren goluna ýer eýeleri diňe 32-nji minutda Berdi Hotdyýewiň tapawutlanmagy bilen jogap berip bildiler. Ýöne 57-nji minutda "Aşgabadyň" futbolçylary "Köpetdagyň" derwezesinden ýene bir pökgini geçirdiler. Bu gezek Pirmyrat Gazakow tapawutlandy.

Baýramaly şäherinde geçirilen duşuşykda güýç we düzüm babatynda "Şagadam" rüstem görnenem bolsa, ýer eýeleri — "Merw" futbol topary çempionatdaky ilkinji oýunda janköýerleriniň tamasyny ödäp bildi. Toparyň futbolçylary duşuşygyň dowamynda "Şagadamyň" derwezesinden jogapsyz iki pökgi geçirdiler. Has takygy, 59-njy minutda geçen ýyl "Şagadamda" çykyş edip, ýene-de "Merwe" dolanyp gelen Söhbet Allanurow, duşuşygyň esasy wagtynyň goşmaça minutlarynda Ilýa Tamurkin tapawutlandy. 

Şeýlelikde, tapgyrda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň üçüsi geçirildi. "Altyn asyr" — "Ahal" duşuşygy bolsa 18-nji aprelde geçiriler.

“Köpetdag” – “Aşgabat” – 1:2

Gollar: ’32 Berdi Hotdyýew (“Köpetdag”) – ’26 Nazar Baýramow, ’57 Pirmyrat Gazakow (“Aşhabat”)

Duýduryşlar: ’36 Döwletmyrat Döwletmyradow, ’85 Döwlet Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – ’39 Elýas Akyýew, ‘90+2 Nazar Baýramow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Wadim Baratow (Aşgabat ş)

 

“Merw” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: ’59 Söhbet Allanurow, ‘90+3 Ilýa Tamurkin

Duýduryşlar: ’35 Ilýa Tamurkin, ’56 Söhbet Allanurow, ’80 Ž. Orazmuhammedow (“Merw”) – ’31 Daýanç Orazgulyýew, ’82 R. Halmämmedow

Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Baýramaly etr)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş) 

2-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

1. "Aşgabat" 2/6

2. "Merw" 1/3

3. "Energetik" 2/3

4. "Şagadam" 2/3

5. "Köpetdag" 1/0

6. "Balkan" 2/0

7. "Altyn asyr" 0/0

8. "Ahal" 0/0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň