Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda derini gaýtadan işlemek işleri kämilleşdirilýär

11:2210.03.2018
0
14385

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy martdaky mejlisinde wise-premýer K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň deri önümçiligi pudagyny ösdürmek, onuň gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmek hem-de deri önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ahal welaýatynda täze pudaklaýyn kärhanany gurmaga, Gökdepäniň we Marynyň hereket edýän gön zawodlaryny, “Türkmen — Kalkan” aýakgap fabrigini döwrebaplaşdyrmaga halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň isleg bildirýän ýokary hilli harytlary bilen içerki bazary doldurmak üçin ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu wezipeleri çözmek üçin kuwwatly önümçilik mümkinçiligini hem-de baý çig-mal serişdeleri goşmak bilen ýurdumyzda hemme şertler bar. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde öz ýurdumyzda taýýarlanylýan çig maldan öndürilýän önümleriň önümçiligini artdyrmaga we pudakda bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň