Türkmenistanda pagta ekişine 23-nji martda girişiler

11:0810.03.2018
0
5405

23-nji martda Türkmenistanda pagta ekişine girişiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şol gün täze hasylyň düýbüni tutmaga ak pata bermegini haýyş etdi.

Şol gün — 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ekişe girişiler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki ekişiň ilkinji güni hökmünde bolsa 28-nji mart bellenildi. 

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 100 müň tonnadan gowrak "ak altyn" öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň