Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

10:2810.03.2018
0
6199

9-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hökümet mejlisiniň barşynda:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine boljak resmi saparlaryna görülýän taýýarlyk;

ministrlikler we pudak edaralary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taýýarlanylyşy;

Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň hem-de onuň barşynda ministrliklerde we pudak edaralarynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek birleşmäniň agzalarynyň sergisine hem-de maslahatyna görülýän taýýarlyk;

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy;

ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi;

dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri;

ulag-aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işler;

Milli bahar baýramy mynasybetli, däp bolşy ýaly, “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk;

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahanany gurmaga görülýän taýýarlyk;

milli parlamentiň kanunçylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler;

25-nji martda geçiriljek Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk

barada hasabatlar diňlenildi. Milletiň Lideri öňde durýan bu wezipeleri üstünlikli çözmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň