Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy ýola düşdi

09:3810.03.2018
0
5707

9-njy martda paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi.

“Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Bu ugur gadymy döwürde kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini hem-de taryhy ýerlerini öz içine alar. Demir ýol ulaglary, Medeniýet, Bilim ministrlikleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň häkimlikleri bilelikde çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar kerwen ýollarynyň ugrundan çekilen döwrebap polat ýollar bilen baryp, diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň, amala aşyrylmagy, ylmy-tehniki we senagat taýdan ösüşler bilen birlikde bu şöhratly ýerlere gelýän täze durmuşy gözleri bilen görüp bilerler.

Wagyz ediş-düşündiriş meýilnamasynyň çäklerinde çärä gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr” atly ylmy maslahat geçirerler. Lebap welaýat kitaphanasynda edebiýat işgärleri “tegelek stoluň” başyna ýygnanarlar. Ol hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň alty babynyň biri bolan “Jeýhunyň ýakasy” diýen baba bagyşlanar. Onda kuwwatly Amyderýanyň ugrunda ýerleşen taryhy ýerler hem-de tebigy gözellikler barada gürrüň berilýär. Olaryň hatarynda şöhrata beslenen Amul şäher galasy, Hojaidat galasy, Astanababa aramgähi, Köýtendagda «kyrk gyz» diýlip atlandyrylýan derýa suwunyň emele getiren hanasy hem-de beýleki ýerler bar.

Demir ýol ulagynyň indiki duralgasy Garabekewül şäheri bolar. Bu ýerde Hojaidat galasynyň diwarlarynyň ýanynda ýerli ylmy we edebiýat toparlarynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler. Soňra demir ýol ulagy Astanababa binagärlik ýadygärlikleri bilen meşhur bolan Kerki şäherine ugrar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda getirilýän rowaýat onuň bilen baglydyr.

Meýilleşdirilen çäreler tamamlanandan soň, wagyz ediş ýolagçy düzümi paýtagtymyza dolanyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň