Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: ikinji tapgyr "Energetigiň" ýeňşi bilen başlady

23:5509.03.2018
0
3453

Mary DES-niň "Energetik" futbol toparynyň şu möwsümdäki gazanan ilkinji ýeňşi bilen şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 2-nji tapgyra badalga berildi. Topar Baýramaly şäherindäki sport toplumynda Balkanabadyň "Balkanyny" kabul etdi. Myhman topar bolsa ýene-de şowsuzlykdan halas bolup bilmedi.

500 çemesi janköýeriň gatnaşan duşuşygynda hasaby ilki bolup ýer eýeleri açdylar. 34-nji minutda Parahat Jumanazarowyň geçiren goly ýer eýelerini hasaby has hem artdyrmaga ruhlandyrdy. Şeýlelikde, 63-nji minutda Muhammet Astanow hasaby 2:0-a çykardy. Myhmanlar bolsa bu gollara diňe esasy wagtyň goşmaça üçünji minudynda Azat Garajaýewiň geçiren goly bilen jogap berip bildiler.

Geçirilen iki duşuşykdan soň "Energetigiň" 3 utugy bar, "Balkanda" bolsa heniz utuk ýok. Üçünji tapgyrda "Energetik" "Aşgabadyň" myhmany bolar. Bu duşuşyk 16-njy martda geçiriler. 17-nji martda bolsa "Balkan" Mary welaýatyna wekilçilik edýän ikinji bir topary — "Merwi" kabul eder. 

“Energetik” – “Balkan” – 2:1

Gollar: ’34 Parahat Jumanazarow, ’63 Muhammet Astanow (“Energetik”) – ‘90+3 Azat Garajaýew (“Balkan”)

Duýduryşlar: ’80 Batyr Jumaýew (“Energetik”) – ’10 Ýewgeniý Tkaçenko, ’38 Tirkiş Muhammetberdiýew, ’85 Arslan Paizow (“Balkan”)

Meýdançadan çykarylan: ’38 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Balkan”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Baýramaly etr)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş)        

Gözegçi emin: Bahtyýar Atajanow (Daşoguz ş)

Tomaşaçy: 500

Habaryň çeşmesi: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň