Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" "Istikloldan" rüstem oýnady

20:4409.03.2018
0
4389

Ozal hem habar berşimiz ýaly, "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary AFK-nyň kubogynyň toparçadaky ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň "Istiklolyndan" 1:0 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, hasaplamalar "Ahalyň" garşydaşyna görä gowy oýny orta goýandygyny görkezýär.

Ilkinji nobatda pökgini saklamak baradaky artykmaçlygyň hem biziň ildeşlerimizde bolandygyny aýtmalydyr. Duşuşygyň 53 göteriminde pökgi "Ahalyň" futbolçylarynyň aýagynda bolan bolsa, ýer eýeleriniň wekilleri diňe 47 göterimlik netije görkezip bildiler. Pökgini birek-birege geçirmek babatynda hem türkmen futbolçylarynyň artykmaçlygy göze ilýär. "Ahalyň" futbolçylary duşuşygyň dowamynda 473 pas beren bolsalar, paslaryň sany ýer eýelerinde 405-e deň boldy.

Derwezä depilen pökgülerde hem "Ahalyň" artykmaçlygy bar. Eger ildeşlerimiz garşydaş derwezä 13 gezek pökgi depen bolsalar, "Istiklolda" bu görkeziji 12-ä deň boldy. Ildeşlerimiziň şol urgularynyň 2-si göni derwezä bardy. Ýer eýeleriniň urgularynyň bolsa ýekejesi hem derwezä göni baran urgy bolmady. Hatda geçirilen goluň hem awtogoldugyny ýatlatmak isleýäris.

Okyjylarymyzdan, bu hasaplamalaryň AFK-nyň kubogynyň soňky üç ýyldaky iki finalçysy bolan toparyň oýnuna berlen pes baha diýip düşünmezligini haýyş edýäris. Hakykatdan-da, "Istiklol" AFK-nyň kubogynyň iň güýçli toparlarynyň biri. Ýöne geçen duşuşyk we şol gün "Altyn asyryň" Gyrgyzystanyň çempionyny uly hasap bilen ýeňmegi biziň toparlarymyzyň şu ýyl toparçadan çykmaga mümkinçiliginiň uludygyny görkezýär. "Istiklol" 14-nji martda "Altyn asyr" bilen duşuşar. Belki, şol gün topar utuk ýitirip, ýurdumyzyň wekilleri taryhda ilkinji gezek toparçadan çykmaga bir ädimýakynlaşyp bilerler. Umytda bolalyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň