Dzýudo boýunça Gran Pri ýaryşynyň ilkinji gününde türkmen türgenleri bir medal gazandylar

16:1009.03.2018
0
5489

Marokkonyň Agadir şäherinde geçirilýä dzýudo boýunça Gran Pri ýaryşynyň ilkinji gününde türkmen dzýudoçylary bir bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünligi türkmen sportunyä we dünýä sportunyä häzirki zaman ýyldyzlarynyň biri Gülbadam Babamuratowa gazandy.

Ilkinji dört tutluşygyň üçüsinde ýeňiş gazanan türkmenistanly türgen gyz bu görkeziji bilen medally orunlaryň birini öz adyna ýazdyrmaga hukuk gazandy. Şeýle-de bolsa, onuň ýekeje utulyşy altyn medal ugrundaky tutl;uşyga çykmaga mümkinçilik bermedi. Üçünji orun ugrundaky tutluşykda bolsa türkiýeli Irem Korkmazdan üstün çykan ildeşimiz ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ol milli ýygyndymyzyň bu ýaryşdaky ilkinji medalyny gazandy.

Ýaryş 11-nji marta çenli dowam eder. Oňa ýurdumyzdan 8 türgen wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň