Soňky habarlar

Arhiw

Muhsin Muhammadiýew: «Beýle güýçli garşylyga garaşmandyk»

11:4509.03.2018
0
4105

7-nji martda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde oýnalan «Istiklol» — «Ahal» duşuşygyndan soňra geçirilen metbugat maslahatynda ýerli toparyň baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:
— Örän kyn duşuşyk boldy, ýöne oglanlara berekella, olar bu kyn oýny ýeňiş bilen alyp çykdylar. Duşuşygyň ahyrynda biziň futbolçymyza berlen gyzyl kart keýpimizi gaçyrdy, hernä, ol duşuşygyň ykbalyna täsirini ýetirmedi. Ýaş hüjümçi Şeriddin Boboýew düzgüni bozandan soň hem özüne erk edip bilmedi. Onuň öň hem sary karty bar, ýene-de garşydaşyň jerime meýdançasynda eli bilen oýnady. 
Nozim Bobojonowy näme üçin ir çalyşdym? Onuň uly bolmadyk şikesi bardy, şonuň üçin hem oňa dynç bermeli diýen karara geldim. Çynymy aýtmaly bolsa, men «Ahaldan» beýle güçli garşyga garaşmaýardym. Bizi goldan janköýerlerimize-de çäksiz hoşallyk bildirýärin, olar tä eminiň soňky jürlewügi ýaňlanýança, bizi goldamagy dowam etdiler. Goldaw üçin sag boluň! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň