Röwşen Meredow: «Biz ýeňilmäge mynasyp däldik»

11:4109.03.2018
0
3835

7-nji martda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde oýnalan «Istiklol» — «Ahal» duşuşygyndan soňra geçirilen metbugat maslahatynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:
— Biz utulyşa mynasyp däldik, ýöne utuldyk. Dogry, bu bize agyr degdi. Garşydaşyň tejribesi oýnuň ilkinji minutlarynda biziň futbolçylarymyzyň ünsüni gowşatdy. Bu-da duşuşygyň ykbalyna täsirini ýetirdi. Ýöne futbolçylarymyz güýçli garşydaşdan çekindi diýip bilmerin, gaýtam, geçirilen goldan soňra olar has ýiti hüjümleri gurnap başladylar. Bizde hasaby deňlemäge, soňra bolsa öňe-de saýlanmaga mümkinçilik boldy. Ýöne futbolda sen gol geçirmeseň, saňa geçirýärler. Biz şowsuzlyk bilen derwezämizde gol gördük. Ýöne bu ýeňliş bizi ruhdan düşürmeýär. Entek hiç zat çözülenok, öňde ýene 5 duşuşyk bar. Geljekde dörän pursatlardan peýdalanmaga çalşarys.
Hasap bizi kanagatlandyrmaýar. Garşydaşymyz «Istiklol» hem bolsa, biz deňme-deňlik ýa ýeňiş üçin gelipdik. Duşuşykdan soň men oýunçylarymyň ýüzünde ahmyr gördüm. Çünki biz oýunda artykmaçlygy ele alypdyk. Bize diňe şowlulyk ýetmedi. Oňa-da geljekki oýunlarda ýeteris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň