Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: birinji tapgyrdan soň hasaplamalar

10:3009.03.2018
0
1829

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Iki oýun, iki gol: Birinji tapgyrda, häzirlikçe, iki duşuşyk geçirildi. Olaryň hersinde bir gol bar. Tapgyrda ätiýaçda ýene iki duşuşyk bar.

«Balkan» — «Aşgabat» — 0:1.
Gol:
0:1, Azady Annadurdyýew, 54'.

Ýene birinji oýun, ýöne...: Edil geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem möwsümiň birinji duşuşygy Balkanabatda geçdi. Ýöne geçen ýyl möwsüme «Turanyň» garşysyna 4:0-lyk ýeiş bilen girişen «nebitçiler» bu ýyl TFF-niň kubogyndaky şowsuzlygyny ligada hem soňlap bilmediler.
190-njy gussa: «Balkan» Ýokary ligadaky taryhynda 190-njy gezek ýeňildi.
Bir derwezä 710 gol: Azady Annadurdyýewiň geçiren goly «Balkanyň» derwezesine Ýokary ligada geçirilen 710-njy goldur.
 
«Şagadam» — «Energetik» — 1:0.
Gol:
1:0. Döwlet Baýramow 62'.

Geçen ýylyň tersin ssenariýasy: Ýadyňyzda bolsa, geçen ýyl hem birinji tapgyrda «Energetik» bilen «Şagadam» duşuşypdy. Ýöne şol oýunda «Energetik» «kenarlylary» Maryda kabul edip, 2:0 hasabynda üstün çykypdy.

«Ahal» — «Merw» (04.04.2018 ý.)
«Altyn asyr» — «Köpetdag» (04.04.2018 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň