Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli Gutlag ugratdy

08:0408.03.2018
0
19462

Hdjdgdgdvsjs 

Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Halkara zenanlar gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň köpugurly we örän baý mirasy bar. Bu mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döreden, gözelligi we nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halydyr keşdeleri, çuň mazmunly hüwdüdir monjugatdylary, döwrümiziň belent owazy bolup ýaňlanýan küştdepdileri biziň milli baýlygymyzdyr. Bu eserler şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýär, merdana halkymyzyň paýhas şamçyragyna, köňül nagşyna öwrülýär.

Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Halkymyzyň kalbynyň owazyna öwrülen dessanlar, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes maşgala ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer, päk ahlakly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň elmydama belent tutulyp gelinýändigini tassyklaýar.

Hormatly zenanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban gelin-gyzlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu wezipeler döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri üçin zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, olara «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, köp çagaly maşgalalaryň ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi örän guwandyrýar.

Biziň Bitarap döwletimiz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga, gender syýasaty boýunça anyk maksada gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine hem-de Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Garaşsyz Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan taryhy wakalardyr.

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr. Mährem enelerimiziň ýagşylyk etmek, zähmeti söýmek, akýürekli bolmak, ululary sylamak hakyndaky öwüt-ündewleri, ýokary ahlakly, dogruçyl, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işleri edep we terbiýe mekdebidir. Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada hemişe alada ederis.

Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!

Sizi ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, ýüzüňiz hemişe bahar gülleri ýaly nur saçyp, kalbyňyz derýalar kimin joşgunly, durmuşyňyz ýaz ýaly owadan we gözel bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň