Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

04:2107.03.2018
0
7635

Siziň gazanan üstünlikleriňizi, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňizi dabaralandyrýan bu hünär baýramy - Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärlerininiň güni «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýyl ilkinji gezek bellenýär-diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda aýdylýar.

Ýurdumyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna ulaglar we aragatnaşyk toplumy saldamly goşant goşýar. Türkmenistanda döwrebap demir ýol, awtomobil, howa, deňiz-derýa ulaglarynyň düzümini we häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu ugurlarda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döredilýär. Ýurt we sebit ähmiýetli täze ýollar gurulýar, içerki we halkara gatnawlar açylýar, häzirki zaman kuwwatly ulaglar satyn alynýar. Toplumyň pudaklaryna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, täze kärhanalar we iş ýerleri döredilýär. Toplumyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we olar häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça oňyn başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär we bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýar.
Häzirki wagtda sebit we sebitara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde transmilli demir ýol geçelgelerini gurmak has möhüm wezipä öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji syýasaty we geografik taýdan amatly ýerleşmegi bolsa sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge amatly şertler döredýär-diýlip gutlagda bellenilýär.

Bu ugurda gurlup, ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki —Ymamnazar - Akina, Serhetabat — Turgundy halkara ulag geçelgeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda gurulýan «polat ýollar» ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýär.

Aragatnaşyk ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işi netijeli alnyp barylýar, optiki-süýümli magistral ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini emele getirýär. Ýurdumyzda aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleri doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi. Türkmenistan döwletimiz özüniň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen, öz halkyna hemra aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanmaga we bu hyzmatlary daşary ýurtlara hödürlemäge mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmegine, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň mümkinçilikleriniň artmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň tehniki parky düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak hyzmatlary netijeli ösdürilýär. Täze şäherara we şäheriçi ugurlary açylyp, gatnawlaryň gerimi giňeýär, ýolagçylara hyzmatyň we ýük daşamagyň hili, medeniýeti ýokarlanýar. Üstaşyr geçelgeleriniň wezipesini ýerine ýetirjek halkara derejeli, köpugurly awtomobil ýollaryny çekmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar-diýlip gutlagda bellenilýär.

Ýurdumyzyň ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde, Diýarymyzyň ähli sebitinde dürli kysymdaky uçarlary kabul etmäge ukyply bolan täze howa menzilleri gurlup, ulanmaga berildi. Aşgabatda täze gurlan Halkara howa menzili sebitde häzirki zaman tehnologiýa üpjünçiligi, giň mümkinçilikleri, geçirijilik ukyby, eýeleýän meýdany boýunça deňi-taýy bolmadyk iri möçberli we köpugurly ulag taslamasydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda howa ýollary ulgamynyň ýerüsti düzümini ösdürmek, halkara we ýerli ugurlarda howa gatnawlaryny giňeltmek, uçarlar parkyny pugtalandyrmak maksady bilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berjek täze Halkara deňiz portunyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Demirgazyk - Günorta we Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag geçelgesi bolup durýan ýurdumyzyň esasy «deňiz derwezesi» dünýä bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilikleri döreder, täze geoykdysady mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga ýardam eder-diýlip gutlagda aýdylýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar we halklar bilen söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ulag-aragatnaşyk ulgamyna uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, toplumyň işgärleriniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda has-da yhlasly we netijeli zähmet çekip, täze, has belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn-diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň