Soňky habarlar

Arhiw

Muhsin Muhammadiýew: "Öz öýmüzde ýalňyşmak bolmaýar"

17:1706.03.2018
0
3681

Ertir "Ahal" bilen geçiriljek duşuşykdan öň bolan metbugat maslahatynda "Istiklolyň" baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi.
- Eýýäm iki ýyl bäri biz ýaryşa Türkmenistanyň we Täjigistanyň toparlary bilen duşuşyk geçirmekden başlaýarys. "Ahal" bilen boljak oýna bolsa çynlakaý taýýarlyk gördük. Çünki biz garşydaşymyzyň güýjüne belet. "Ahalyň" "Dordoýyň" we "Hujandyň" garşysyna geçiren duşuşyklaryna tomaşa etdik. "Ahal" islendik wagt berk gaýtawul berip bilýän topar. Bize öz meýdanymyzda öz oýnumyzy görkezip bilmek gerek.  AFK-nyň kubogynda her bir utuk gyzyla barabar. Bize öz meýdanymyzdaky duşuşykda ýalňyşmak bolmaýar. 
Ertirki duşuşykda janköýerlerimiziň bizi goldajakdygyna ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň