Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: "Ahalyň" maksady ýaryşy mümkin bolan ýere çenli dowam etdirmek"

16:0406.03.2018
0
7491

Şu gün AFK-nyň kubogynyň "D" toparçasynyň birinji tapgyrynda geçiriljek "Istiklol" - "Ahal" duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty boldy. "Haýatt Rijensi Duşanbe" myhmanhanasynyň "Brýussel-2" maslahatlar zalynda geçirilen maslahatda toparlaryň tälimçileri we oýunçylary žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
Mikrofonyň öňüne ilki bilen "Ahalyn" baş tälimçisi Röwşen Meredow we futbolçy Orazberdi Myradow geçdi.
- Dostana myhmansöýerlik üçin sözümiň başynda "Istiklol" futbol klubyna hoşallygymy bildirýärin - diýip, "Istiklolyň" metbugat gullugy R.Meredowyň sözlerini ýazýar. - Biz çylşyrymly ýoldan geldik, ilki saýlama tapgyrda, soňra pleý-offda 4 duşuşuşyk geçirdik. Biziň indiki maksadymyz, toparçada-da görkezip bilen iň ýokary netijämizi görkezmek, Dogry, biziň futbolçylarymyzda "Istiklolyň" oýunçylaryndaky ýaly baý halkara tejribe ýok, ýöne olaryň ýeňiş üçin yhlasy uly, şonuň üçinem ýadamany-ýaltanmany bilmeýärler.
"Istiklol" soňky ýyllarda içki we halkara ýaryşlarda örän ýokary netijeleri gazanýar. Toparyň AFK-nyň kubogynda soňky 3 ýylda iki final oýnamagy, onuň tutuş yklymyň iň güýçli toparlarynyň biridigini görkezýär. Ýöne şeýle güýçli garşydaş bilen topardaş  bolmak bizi ýaýdandyranok. Men duşuşykda basdaş bäşdeşligiň dowam etjekdigine ynanýaryn.
Täjigistanyň wise-çempiony "Hujand" bilen bolan soňky duşuşykda esasy derwezeçimiz Batyr Babaýew şikes aldy. Ol ertirki duşuşykda topara kömek edip bilmez. Ýöne biz şu ýyl şeýle bir topar gurduk welin, her bir futbolçy geçen ýylka garanymyzda-da kämilleşdi. Munuň üstesine-de, toparçalaýyn tapgyryň bosagasynda topara 3 futbolçy goşuldy. Olaryň biri Merdan Gurbanow, ol geçen möwsümde Belarusyň çempionatynda "Dneprde" çykyş etdi. Şeýle hem biz Myrat Hamraýew we Döwran Ryzaýew bilen hem şertnama baglaşdyk. Ýöne olar bu günler futbol oýnamaga taýýar däl, şonuň üçinem alyp gaýtmadyk. Olar indiki duşuşyklarymyzda topara kömek edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň