Türkmen futbolçylarynyň AFK-daky garşydaşy möwsüme kubok bilen girişdi

22:4503.03.2018
0
2211

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Altyn asyrynyň" we "Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň "Ahalynyň" AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy "Istiklol" täze möwsüme Täjigistanyň Naýbaşy kubogy bilen girişdi. Topar dartgynly geçen duşuşykda Hujand şäheriniň adybir toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Ilkinji 31 minutda güýçli garşydaşyndan 2:0 hasaby bilen öňe saýlanan hem bolsa "Hujand" bu üstünligi diňe 59-njy minuda çenli gorap bildi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 1-nji minudynda Firdaws Çakalowyň öz derwezesine pökgi geçirmegi hem-de 59-njy minutda Mikolaý Zenkonyň tapawutlanmagy bilen "Istiklol" hasaby deňĺedi. Esasy wagty 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ykbaly 107-nji minutda "Istiklolyň" futbolçysy Nozim Bobojowyň toparynyň üçünji goluny geçirmeginden soň çözüldi.

Täjigistanyň Naýbaşy kubogyna eýe bolan "Istiklol" indiki duşuşygyny 7-nji martda "Ahal" bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň