Türkmenistanyň Prezidenti we “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktoryny kabul etdi

23:5626.02.2018
0
5625

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, belli fransuz türgeni, awtomobil ulaglaryndaky ýaryşlarda dünýäniň iki gezek çempiony, päsgelçiliklerden geçmek boýunça awtoralliniň Dünýä kubogynyň birnäçe gezek eýesi, “Pariž-Dakar” we “Africa Eco Race” ralli –marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, taryhy günlerde Türkmenistana gelip görmäge hem-de iri sport çärelerine badalga berilmegi mynasybetli guralan çärelere gatnaşmaga şatdygyny belledi.

Türkmen Lideri ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, ýokary netijeli sporty hemmetaraplaýyn goldamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilýändigini nygtady. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Awtomobil sportuny işjeň ösdürmek maksady bilen, paýtagtymyzda Awtomobil sporty boýunça häzirkizaman awtodromlary bolan milli merkez açyldy, ýurdumyzyň çempionatlary yzygiderli geçirilýär, ýokary tizlikli sport awtomobilleriniň üsti yzygiderli doldurylýar, munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga höwesini artdyrdy, ýaryş awtomobillerini sürüjileriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şonuň bilen bir wagtda bu çäreler Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça iri halkara ýaryşlarynyň guralmagy üçin oňyn şert döredýär.

Söhbetdeşligiň barşynda awtomobil sporty ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda ýurdumyzyň halkara we sebit federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy örän netijeli bolup biler, şeýle hem bu ulgamda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilikler açylar.

“Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda ýeten milli sepgitlerine ýokary baha berip, halkara sport jemgyýetçiliginiň häzirkizaman ugurdaş sport düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen ýyl Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen “Ýüpek ýoly—2009” halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) “Kazan-Aşgabat” awtorallisine “Dakar” ýaryşlarynyň ýokary derejesini berdi.

Duşuşygyň çäginde şeýle hem, halkara sport senenamasynyň ajaýyp wakasyna öwrüljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisini geçirmegiň guramaçylyk –tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak bu ýaryşlaryň maksatlarynyň biridir. “Türkmenistan-- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan häzirki ýylda ýurdumyz özüniň bu gadymy ýoluň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny gaýtadan dikeldýär. Bu sport çäreleri ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle hem tutuş sport ulgamynyň ösdürilmegine ýardam berer.

“Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory milli Liderimize dünýä awtorallisiniň zerur bolan esbaplaryny ýadygärlik hökmünde gowşurdy, bular indi ýöriteleşdirilen muzeýiň arasynda degişli orun alar.

Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň