"Şagadam" ýoldaşlyk duşuşygynda Ukrainanyň "Wolyn" toparyndan üstün çykdy

16:4726.02.2018
0
4383

Häzirki wagtda Türkiýede okuw-türgenleşik işlerini dowam edýän "Şagadam" futbol topary Belekde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Ukrainanyň "Wolyn" toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

UKrain toparynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, duşuşykda hasaby ilki bolup ukrain topary açdy. 19-njy minutda Gerasimýuk toparyny hasapda öňe çykardy. Ýöne türkmen futbolçylarynyň bu geçirilen gola jogaby gijikmedi. "Şagadamyň" futbolçylarynyň 40-njy we 42-nji minutda geçiren pökgüleri duşuşygyň netijesini kesgitledi. Saýtda "Şagadamyň" gollaryny geçiren futbolçylaryň ady görkezilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň