Soňky habarlar

Arhiw

Owganystandaky «Talyplar» hereketi TOPH gaz geçirijisini milli taslama diýip yglan etdi we ony goramagy wada berdi

15:0925.02.2018
0
1845

«Talyplar» radikal hereketiniň iki sany uly şahasynyň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny goldaýandyklaryny beýan etdiler. Bu barada Kabuldan Interfaks owgan HBS-lerine salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, molla Rasulyň ýolbaşçylygyndaky talyplar taslamany goldaýandyklaryny beýan edip, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalary etjekdiklerini wada etdiler.

«Biz ähli taslamalary, şol sanda TOPH taslamasyny goldaýarys we onuň goragy boýunça tagallalary ederis. Bu milli taslamadyr» - molla Rasulyň syýasy meseleler boýunça orunbasary molla Abdumanon Nyýazynyň aýdanlaryny Ariana News getirýär.

Talyplaryň bu aýdanlaryny Hyrat welaýatynyň häkimi Asif Rahimi hoşal kabul etdi. «Biz haýsy welaýatdandygyna, haýsy topara we syýasy birleşiklere degişlidigine garamazdan owganlylaryň ählisiniň bu milli maksatnamany goldajakdyklaryna umyt edýäris» diýip ol aýtdy.

Bu baradaky habar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elktron gazetinde (www.oilgas.gov.tm) ýerleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň