Soňky habarlar

Arhiw

"Dordoýyň" resmi saýty öz okyjylaryna Turkmenportalda geçirilen ses berlişigiň netijesini habar berdi

14:1925.02.2018
0
986

Gyrgyzystanyň "Dordoý" futbol toparynyň resmi saýty (www.fc-dordoi.kg) ýakynda Turkmenportal tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijelerini habar berdi. Mälim bolşy ýaly, häzir bu toparyň düzüminde çykyş edýän türkmenistanly ýarym goragçy Amir Gurbany ses berlişikde ýeňiji bolup, saýtyň okyjylarynyň saýlamagynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilipdi.

Habarda Amir Gurbanynyň 20 futbolçynyň gatnaşmagynad geçirilen ses berlişikde sesleriň 41 göterimini alandygyna üns çekilýär. Şeýle hem saýt Turkmenportalda ýerleşdirilen habara salgylanyp, Amir Gurbanynyň futbol ýoluna gysgaça nazar aýlaýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň