Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdag" gaýtadan döredilenden soň, ilkinji kubogyny gazandy

14:1325.02.2018
0
1122

Geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatyny sekizinji orunda tamamlan "Köpetdag" futbol topary täze möwsüme kubok bilen girişdi. Tejribeli tälimçi Seýit Seýidowyň şägirtleri ýakynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanan TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşda geçiren dört duşuşygynyň birinde-de ýeňilmän, arzyly kuboga eýe boldy. Iki duşuşykda ýeňiş gazanyp, ikisinde deňme-deň oýnan Içeri işler ministrliginiň topary bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 8 pökgi geçirip, öz derwezesine 3 pökgi geçirtdiler.

Jemi 5 toparyň gatnaşan ýaryşynda, aslynda, ilkinji üç ornuň eýeleri iň soňky duşuşyklarda belli boldy. Jemleýji duşuşyklara çenli ýaryşyň lideri bolup gelen "Merw" aýgytlaýjy oýunda "Aşgabatdan" ýeňlip, ýaryşy üçünji orunda tamamlamaly boldy. 

Ýaryşyň başynda kubogyň esasy dalaşgärleri hökmünde görkezilen "Balkan" hem-de "Energetik" toparlary bolsa diňe dördünji we bäşinji orunlary paýlaşyp bildiler. Geçirilen ýaryş Ýokary liganyň wekilleri üçin täze möwsümiň başynda netijeli taýýarlyk tapgyrlarynyň biri boldy diýip bileris. Milli çempionatymyzyň 26-njy möwsümine mart aýynyň başynda badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň