Archive news

"Merw" TFF-niň kubogynda ýaryşyň başyny çekýär

18:5820.02.2018
0
2125
"Merw" TFF-niň kubogynda ýaryşyň başyny çekýär

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. “Awaza” sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ikinji tapgyrynda “Energetik” topary bilen geçiren duşuşygyny 0-0 hasabynda deňlikde tamamlan “Merw” topary toplan 4 utugy bilen ýaryş tablisasynyň birinji basgançagyna çykmagy başardy. Günüň ikinji duşuşygynda paýtagtymyzyň “Aşgabady” Balkan welaýatynyň “Balkan” toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

II tapgyryň netijeleri:

“Merw”– “Energetik” – 0:0

“Aşgabat”-“Balkan”-3:1

Gollar:  ’41,’43,’75(11 m.j.u.) Ilýas Minhairow (“Aşgabat”) – ’65 Ýewgeniý Tkaçenko (“Balkan”)

Ýaryş tertibi:

1. Merw 2/4

2. Köpetdag 1/3

3. Aşgabat 1/3

4. Energetik 2/1

5. Balkan 2/0

Ertirki duşuşyklar:

11:00 Energetik-Aşgabat

14:00 Köpetdag-Merw

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň