Soňky habarlar

Arhiw

Taryhda ilkinji gezek AFK-nyň kubogynda bir toparçada iki toparymyz ýaryşar

17:2120.02.2018
0
1875

"Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary Gyrgyzystanyň "Dordoý", Täjigistanyň "Hujand" toparlary bilen geçiren dört sany saýlama duşuşygynda bir gezek hem ýeňilmän (üç ýeňiş, bir deňme-deňlik), taryhynda ikinji gezek yklym ýaryşynyň toparçalaryna düşmegi başardy. "Ahal" häzirki wagta çenli 2 gezek hem saýlama tapgyrdan geçip, toparça düşmegi başaran ilkinji türkmenistanly futbol toparydyr. "Altyn asyr" 2015-nji ýylda, "Balkan" bolsa 2016, 2017-nji ýyllarda ýaryşyň saýlama tapgyryndan geçip bilmändi.

Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek türkmenistanly futbol janköýerleri bir toparçada iki toparymyza janköýerlik ederler. "Wikipedia" erkin ensiklopediýasy eýýäm AFK-nyň kubogyna bagyşlanan ýörite sahypasynda "D" toparçanyň, şol sanda "Ahalyň" geçirjek duşuşyklarynyň rejenamasyny ýerleşdirdi.

"D" toparçada ýurdumyza wekilçilik etjek toparlaryň ikisi hem ýaryşa myhmançylykdaky duşuşyk bilen girişerler. 7-nji mart güni "Altyn asyr" "Alaýyň", "Ahal" bolsa bu ýaryşyň geçen ýylky finalçysy Täjigistanyň "Istiklol" toparynyň myhmany bolar. Şeýlelikde, "Ahal" halkara ýaryşdaky bassyr ikinji oýnuny Täjigistanda geçirer ("Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň topary pleý-offdaky jogap duşuşygyny hem Täjigistanda — Hujand şäherinde geçirdi).

14-nji martda ýurdumyzda bir bada iki duşuşyk bolar. Şol gün "Ahal" "Alaýy", "Altyn asyr" bolsa "Istikloly" kabul eder. Bu duşuşyklaryň haýsy stadionlarda geçiriljekdigini goşmaça habar bereris. "Wikipedia" erkin ensiklopediýasynda "Altyn asyr" — "Istiklol" duşuşygynyň Aşgabat wagty bilen 16:30-da başlanjakdygy aýdylýar. Günüň ikinji duşuşygynyň näçede başlanjakdygy entek tassyklanmadyk.

Toparçadaky duşuşyklaryň üçünji we dördünji tapgyrlary 11-nji, 25-nji aprelde geçiriler. Bu tapgyrlaryň ikisinde hem Türkmenistan derbisine şaýat bolup bileris. Üçünji tapgyrda "Ahal" "Altyn asyry", dördünji tapgyrda bolsa "Altyn asyr" "Ahaly" kabul eder.

2-nji maýda — 5-nji tapgyrda ýene-de ýurdumyzda iki duşuşyk geçiriler. Şol gün "Ahal" "Istikloly", "Altyn asyr" bolsa "Alaýy" kabul eder. Toparçalaýyn tapgyra myhmançylykdaky duşuşyk bilen giren türkmen futbolçylary myhmançylykdaky duşuşyklar bilen hem toparçalary tamamlar. 16-njy maýda geçiriljek duşuşyklarda "Altyn asyr" "Istiklolyň", "Ahal" bolsa "Alaýyň" myhmany bolar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Altyn asyr" futbol toparynyň tä iň soňky duşuşyga çenli Täjigistanyň "Istikloly" bilen toparçanyň öňdebaryjysy bolandygy ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Türkmen futbolçylarynyň şeýle deňeçer oýun geçirip bilen topary hem ýaryşyň final duşuşygyna çenli üstünlikli çykyş etdi. Diýmek, biziň futbolçylarymyzyň taryhda ilkinji gezek AFK-nyň kubogynyň toparçasyndan ýeňiji bolup çykmaga hem-de ýaryşda has gowy netijeleri gazanmaga mümkinçiligi bar. Geliň, futbolçylarymyzy goldalyň!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň