Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" AFK-nyň kubogynyň toparçalarynda

16:5020.02.2018
0
7408

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Täjigistanda AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna düşmek ugrunda pleý-off duşuşygy geçirildi. Hujand şäherindäki "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda bolan duşuşykda "Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary şäheriň adybir toparyny — "Hujandy" 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Birinji ýarymy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda janköýerler derwezeden geçen iki pökgä şaýat boldular. 49-njy minutda "Ahalyň" ýarym goragçysy Wezirgeldi Ylýasow biziň ildeşlerimizi hasapda öňe çykardy. Şondan 3 minut soňra hüjümçi Süleýman Muhadow duşuşykdaky ikinji pökgini öz adyna ýazdyrdy.

"Ahal" myhmançylykdaky duşuşykda üç pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanmaga hem ýakyn gelipdi, ýöne Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Şeýlelikde, duşuşyk "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy.

"Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň topary "Hujandy" iki duşuşygyň netijesi boýunça 3:0 hasabynda ýeňip, AFK-nyň kubogy — 2018-iň "D" toparçasynyň dördünji wekili boldy. "Ahalyň" toparçadaky oýunlary aşakdaky tertipde bolar:

7-nji mart, Istiklol (Täjigistan) — "Ahal"

14-nji mart, "Ahal" — "Alaý" (Gyrgyzystan)

11-nji aprel, "Ahal" — "Altyn asyr"

25-nji aprel, "Altyn asyr" — "Ahal"

2-nji maý, "Ahal" — "Istiklol"

16-njy maý, "Alaý" — "Ahal"

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň