"Hujand" — "Ahal" duşuşygy "Warziş tw" we "Futbol" teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler

10:0420.02.2018
0
8003

Täjigistanyň "Hujand" futbol toparynyň resmi saýty şu gün boljak "Hujand" — "Ahal" duşuşygynyň "Warziş tw" hem-de "Futbol" teleýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda görkeziljekdigini habar berdi. Şeýle hem bu duşuşygynyň göni ýaýlym wideosy Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.fft.tj) hem-de toparyň resmi saýtynda (www.fc-khujand.tj) hem görkeziler.

Duşuşyk Täjigistanyň wagty bilen şu gün sagat 14:00-da başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň