Soňky habarlar

Arhiw

"Hujand" "Ahal" bilen boljak duşuşykda ýeňiş gazansa, 100 müň somoni gazanar

03:4520.02.2018
0
4394

"Hujand" toparynyň futbolçylaryna AFK-nyň kubogynyň pleý-off tapgyrynda "Ahaly" ýeňip bilseler, 100 000 somoni möçberinde pul baýragy garaşýar. Muny Sogdi oblastynyň we Sogdiniň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Rajabboý Ahmadzoda futbolçylar bilen duşuşanda wada berdi diýip, "Hujand" toparynyň resmi saýtynda aýdylýar. Puluň bu mukdary, ortaça, 11332 amerikan dollaryna ýakyn bolýar.

Bu duşuşyk 20-nji fewralda şäheriň "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň