Soňky habarlar

Arhiw

Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelere we öňde durýan çärelere taýýarlyk işlerine seredildi

01:3920.02.2018
0
6363

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň hem-de gurluşyk işleriniň barşyna garaldy.

Iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we energiýa üpjünçiligi ýerine ýetirilişi boýunça geçirilýän çäreler hem-de paýtagtmyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada;

Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şonuň bilen bir wagtda welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görlüşi;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.DurdymyradowAhal welaýatynyň Kaka etrabynda gurulmagy meýilleşdirilen iri dokma toplumynyň taslamasy;

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow günbatar welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda oba hojalyk pudagynda geçirilýän çäreler, Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi;

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda alnyp barylýan işler, Bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işleri;

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, oba senagat toplumynda, gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 26-njy fewralda geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm çärelere we Milli Bahar baýramyna görülýän taýýarlyk;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenabat şäherinde guraljak çäreleriň giň wagyz edilmegine ýaradam berýän işleri guramak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi;

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe we ýakyn günlerde welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredowy hem-de awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewi çagyrdy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Öz nobatynda, awtomobil ulaglary ministri gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ulag toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we onuň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň pes derejededigine ünsi çekip, bu işleriň guralyşyna düýpli nägilelik bildirdi.

Gulluk borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ministre her welaýatda awtoterminal gurmak boýunça anyk görkezmeleri berip, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň, şol sanda awtoduralgalaryň abadanlaşdyrylmagynyň hem-de ýolagçylara döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýetli hyzmat edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýokarda beýan edilenleri jemläp, öňde her bir ýolbaşçydan özüne ynanylan işlere jogapkärli çemeleşmegi talap edýän giň gerimli we möhüm çäreleriň durýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň