Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

23:0519.02.2018
0
12251

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurduň Yspyhan welaýatynyň Semirom şäheriniň golaýynda “Aseman” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň