Soňky habarlar

Arhiw

Rustam Hojaýew: "Ýeňjegimize ynanýaryn, "Hujanda" başga ýol ýok"

19:4019.02.2018
0
6024

"Hujand" — "Ahal" duşuşygyndan bir öň öň geçirilen metbugat maslahatynda ýerli toparyň baş tälimçisi žurnalistleriň özüne gönükdiren sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:

- Bize “Ahal” bilen örän kyn duşuşyk garaşýar. Diňe şäherimiziň raýatlary däl, eýsem-de bütin welaýatymyzyň, ýurdumyzyň futbol janköýerleri hem bize janköýerlik ederler.

Birinji duşuşykda bize tejribe ýetmezçilik etdi. Oýunçylarymyzyň aglabasy üçin bu duşuşyklar halkara arenasyndaky ilkinji synanyşyk. Ertirki oýna ynamly çykmaly, sebäbi hemmesi hut jogap duşuşygynda kesgitlener.

Manuçehr Ahmedow: “Ahaly” geçmek üçin elimizden gelenini ederis"

- Toparda oglanlaryň hemmesi 100% oýna taýýar. Ertir oýunda netijeli çykyş edip, janköýerlerimizi begendireris. “Ahal” örän netijeli oýun görkezýär, ýöne biz toparçalaýyn tapgyra düşmek üçin elimizden gelenini ederis.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň