Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: "Ahalyň" maksady — AFK-nyň Kubogynyň toparçalaryna düşmek"

17:5019.02.2018
0
7635

Şu gün Hujand şäheriniň "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadiuonynyň metbugat zalynda "Ahal" futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow we futbolçy Orazberdi Myradow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler:

Röwşen Meredow:

— Gowy garşylandyklary üçin täjik tarapyna sagbolsynymy aýdýaryn. “Hujandyň” garşysyna geçiriljek duşuşyk örän kyn bolar. Sebäbi taraplaryň ikisiniň-de esasy maksady toparçalaýyn bäsleşige düşmekden ybarat. Birinji duşuşygyň hasaby hiç zady aňlatmaýar. Hemmesi täzeden başlanýar. Toparlaryň iksi-de öz oýunlaryny görkezer diýip umyt edýärin. Biziň esasy maksadymyz toparçalaýyn bäsleşige düşmekden ybarat.

Birinji duşuşykda biz öz öňümizde döreden köpsanly mümkinçiliklerimizi gola öwrüp bilmedik. Muňa garamazdan, duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýöne bu biziň esasy ünsi goragda jemländigimizi aňlatmaýar. Ilkinji minutdan “Ahalyň” futbolçylary hüjümde geçirdiler. Gynansakda, biz häzirki wagtda öz oýnumyzy doly derejede tapyp bilemizok. Geçen ýylky derejämize ýetmekde ýoldaşlyk duşuşyklaryny az geçirdik. Ýeri gelende aýtsak, biziň toparymyzyň AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmekde tejribesi ýeterlik. Şol sebäpli-de, biz ýene-de toparçalaýyn bäsleşige düşmek üçin elimizden gelenini ederis.

Garşydaşymyz hakynda aýdanymda, “Hujand” örän güýçli topar. Toparyň düzüminde hüjüme okgunly oýunçylar jemlenipdir. Biz bu garşydaşymyza sarpa goýýarys.

Orazberdi Myradow: “Hujanda” öz oýnumyzy teklip etmäge synanyşarys”

— Garşydaşymyz goragda örän dürs oýnaýar. Ýöne muňa garamazdan, biziň toparymyzda ýagdaý örän gowy. Oýunçylarymyzyň hemmesi oýna taýýar. “Hujandyň” öz janköýerleriniň öňünde ýokary derejede çykyş etjegi görnüp dur. Ýöne biz garşydaşymyza öz oýnumyzy teklip etmäge synanyşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň